BILIM

Frazeologizmler/phrasal verbs ýa-da Durnukly söz düzümleri

Bu çykyşymyzda biz iňlis diliniň frazeologizmleri barada giňişleýin durup geçmekçi. Başda frazeologizm barada düşündiriş berýäris.

Phrasal verbs-ler üçin şu ýere basyň!

1. Dil biliminde durnukly söz düzümleri, durnukly söz düzümleriň jemi diýen frazeologizmler gepleşik dilinde giňden ulanylýar. Fraza grekçe phrasis aňlatma; aýdyş, sözleýiş, gepleýiş manyny berýär. Janly, halk gepleşiginde giňden ulanylýan frazeologizmler aýdylýan we aňladýan manysy boýunça onuň aýry-aýry düzümleriniňkiden umuman tapawutlanýandygy bilen häsiýetlidir. Hut şonuň üçin-de, frazeologizmler sözleriň manysy boýunça aýdyl-ýan söze ýa-da sözlere laýyk gelmeýän, birbada düşünmesi diýseň çylşyrymly jümleler hasaplanylýar. Beýle durnukly söz düzümleri diňe belli bir dile mahsus bolan, bölünip bolmaýan söz düzümidir. Ol gürlenýän diliň adamlara ýiti täsirli, öwüşginli, has ýerlikli bolmagy üçin ulanylýar. Meselem, “Dursun eje sygrynyň üstünden gün görýär” diýen jümlä birbada düşünmek aňsat däl. Elbetde, Dursun ejäniň sygrynyň arkasyna münüp, Güne seretmeýändigi düşünikli. Sözlemiň hakyky manysy – ol sygrynyň süýdüni satyp, gün-güzeranyny dolaýar, ýaşaýar diýmegi aňladýar. Ýa-da ýene bir mysal: Iňlis dilinde “John went out  sözlemindäki went out jümle frazeologizm däl-de, göni manysynda ulanylýar – Jon daşaryk çykdy. Emma bizThe fire went out diýen sözlemi alyp görsek, ony “ot çykdy” diýip terjime edip bolmaýar: dogry terjimesi “Ot öçdi”. Bu sözlemde wet out jümle frazeologizm görnüşinde

2. Iňlis diliniň grammatik bölejikleri frazeologizmleri ýasamakda giňden ulanylýar. Olardan has ýörgünlilerine, iň köp ulanylýanlaryna  about, across, along, around, away, back, by, down, forward, in, off, on, out, over, through, under, up degişlidir. Netijede, frazeologik işlikleriň düzümine girýän bölejikler   (mes.: out) hal görnüşinde-de,  şeýle hem predlog (mes.: on) görnüşinde laýyk gelip biler. “Hakyky  predloglardan tapawutlykda, predloga meňzeş bölejikler adatça basymly aýdylýar: She put ON her hat. – Ol şlýapasyny geýdi. (on bölejik basymly aýdylýar – put on  -“geýmek” diýen manyly frazaly işlik).

He put the book on the tableОl kitaby stoluň üstünde goýdy.

(onsözlemiň put on the table düzüminde ulanylan basymsyz prdlog).

 

3) Işlikli frazalar üç topara bölünýär:

1. Işlik+ goşulma bölejik (doldurgyçlar ýok)

2. Işlik+ goşulma bölejik (predlogsyz doldurgyç bilen)

3. Işlik+ goşulma bölejik (predlogly doldurgyç bilen)

а) Işlik+ goşulma bölejik (doldurgyçlar ýok)

 The lesson is over – sapak gutardy.

His car has broken down. Onuň awtoulagy döwüldi.

б) Işlik+ goşulma bölejik (predlogsyz doldurgyç bilen). Eger doldurgyç at çalyşmalary bilen aňladylsa, ol hemişe işlik bilen bölejigiň arasynda gelýär.

Еger doldurgyç at çalyşma bolmasa, onda ol bölejikden soň hem, işlik bilen bölejigiň aralygynda goýulyp bilýär: I put the meeting off till next week / I put off the meeting till next week. – Men ýygnagy geljek hepdä geçirdim. – I put it off. She brought the children up by herself / She brought up the children by herself. Ol ene çagalaryny ýeke özi ösdürip ýetişdirdi. –  She brought them up by herself.

в) Işlik+ goşulma bölejik (predlogly doldurgyç bilen). Doldurgyç hemişe predlogdan soň goýulýar.  She always stands up for her children Оl hemişe çagalaryny goraýar. How can you put up with the noise? – Sen bu goh-galma- gal bilen nähili oňuşyp bilýäň?  I’m looking forward to seeing you. Men sabyrsyzlyk bilen siziň bilen duşuşyga garaşýaryn.

Amangeldi Amangeldiýew,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

Irregular verbs ýa-da Nädogry Işlikler : Makul Sözlük

Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary

https://makulsozluk.com/2021/04/30/cagalar-ucin-sozluk-indi-offline-hem-isleyar/

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler