DÜNÝÄ

Fransiýada yşyklar festiwaly: Köçeler reňkli yşyklar bilen bezeldi

Fransiýanyň Lion şäherinde däp bolan yşyk festiwalynyň başlamagy köçeleri reňkli öwüşginler bilen doldurdy. Festiwal tomaşaçylary haýran galdyrdy. Adatça her ýyl Fransiýanyň Lion şäherinde geçirilýän yşyk festiwaly düýn başlandy. Möhüm binalarda, seýilgählerde we suw çüwdürimlerinde reňkli yşyklar görkezildi. Ýüzlerçe müň adamyň gatnaşýan yşyk festiwalynda, tomaşaçylara wizual dabara hödürlendi we festiwalyň dört gün dowam etjekdigi aýdyldy. Geçen ýyl “Covid-19” sebäpli ýatyrylan bu festiwala, şu ýyl takmynan 1 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Yşyklar baýramy ilki her ýylyň 8-nji dekabrynda Ysanyň ejesi Merýeme minnetdarlyk bildirmegi maksat edinýän meşhur çäredi. Bu täsin Lionaz däbi,  her bir öýüň köçelerde ajaýyp täsir galdyrmagy üçin ähli penjireleriň daşynda şem goýagy talap edýär. Festiwal ýagtylyga esaslanýan beýleki çäreleri öz içine alýar we adatça dört gün dowam edýär.Yşyk festiwaly nädip däbe öwrüldi?Myş-myşlara görä, 1643-nji ýylda Lionda uly gyrgyn epidemiýasy başlanda, Hz. Merýeme doga edýän Lionyň halky, doga-dilegleriniň kabul edilendigine ynanýarlar. 1643-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda halk, şäher halas edilse Merýeme hormat goýmagy wada berdiler. Sag bolsun aýtmak üçin Hz. Merýemiň heýkeli bolan Lionyň ýaşaýjylary howa şertleri sebäpli dabarany ýerine ýetirip bilmediler. Muňa garamazdan, şäheriň merkezinde Merýemiň heýkeli ýasaldy. Häzirki wagtda festiwalyň merkezi bolan heýkeli, meşhur heýkeltaraş Jozef-Hugues Fabiş ýasady we birnäçe Lion katolikleri hemaýatkärlik etdi. Heýkeliň açylyş dabarasy 1852-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda, Päk gyzyň doglan gününi bellemek güni bolmalydy. Şeýle-de bolsa, Saonda suw joşmagy heýkeliň taýýr bolmagyna päsgel berdi. Arhiýepiskop, adamlar baradaky komitetiň ylalaşygy bilen senäni 8-nji dekabra geçirmek kararyna geldi.Şeýle hem, Lionyň ýaşaýjylary her ýylyň 8-nji dekabrynda öýleriniň öňünde şem ýakmagy dowam etdirseler-de, häkimlik bu çäräni 1989-njy ýylda yşyklar baýramyna geçirdi. Beýleki tarapdan, häkimligiň bu sergisi adaty baýramçylyga öwrüldi we her ýyl giňden bellenilýär.

 

“Garri Potter” kitabynyň ilkinji neÅŸiri satyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri