Fransiýada täze bellenen Premýer-ministr Elizabet Born tarapyndan nobatdaky hökümet düzüldi. Ýeliseý köşgüniň baş sekretary Aleksis Koler bu barada habar berdi.
Iki ýyl mundan ozal ýurduň içeri işler ministri wezipesine bellenen Žerald Darmanen wezipesini saklap galdy. 2017-nji ýyldan bäri ykdysadyýet we maliýe ministri wezipesinde işleýän Brýuno Le Mer bu wezipesini dowam etdirer.
Täze hökümetde goranmak ministri wezipesini Sebastýen Lekorno alyp barar. Ol ozalky hökümetde deňziň aňyrsyndaky territoriýa boýunça ministr wezipesinde işläpdi.
2017-nji ýyldan bäri ýurduň daşary işler ministri wezipesinde işlän Žan-Iw Le Drian wezipesini tabşyrdy. Onuň ýerine Katrin Kolonna belländi. Katrin Kolonna soňky 2 ýylyň dowamynda Fransiýanyň Beýik Britaniýadaky ilçisi wezipesinde işledi.
Täze hökümetde Ýewropa işleri boýunça ministr wezipesini Kleman Bon alyp barar, ol ozal daşary syýasat edarasynda döwlet sekretary bolupdy.
Ekologiýa özgerişlikleri boýunça ministr wezipesine Ameli de Monşalen bellenip, ol ozal täzeden guramak we döwlet gulluklary boýunça ministri wezipesini ýerine ýetiripdi.
Energetika özgerişlikleri ministrligine Anes Panýe-Rýunaş ýolbaşçylyk eder.
Fransiýada täze hökümet ýurduň Prezidenti Emmanuel Makronyň gaýtadan döwlet baştutanlygyna saýlamagyndan 1 aý soň düzüldi.
Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy