DÜNÝÄ

Fransiýa Palestinany resmi taýdan ykrar eder

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýurduň Palestina döwletini resmi taýdan ykrar etjekdiklerini, bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň sentýabrda geçiriljek mejlisinde yglan ediljekdigini habar berdi.

«Men Fransiýanyň Orta Gündogarda adalatly we durnukly parahatçylyga bolan taryhy ygrarlylygyna eýerip, Palestina döwletini ykrar etmek barada karar kabul etdim» diýip, Makron aýtdy.

Makron häzirki wagtda bu sebitde bolýan wakalaryň bes edilmeginiň we sebitiň halkyna goldaw bermegiň aýratyn möhümdigini belledi diýip, metbugat neşirleri habar berýär.

Häzirki wagtda BMG-niň 193 ýurdunyň 140-dan gowragy Palestinany döwlet hökmünde ykrar edýär. Şeýle ýurtlaryň iň soňkylary — Irlandiýa, Ispaniýa we Norwegiýa — bu ädimi bir ýyl töweregi mundan ozal ätdiler.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi