«Iphone 12» smartfonda elektromagnit şöhlelenmesiniň howply derejesi ýokarydygy sebäpli ýakyn wagtda Fransiýada satuwy bes edilip bilner. Bu barada “Reuters” habar gullugy Fransiýanyň sanly ykdysadyýet ministriniň orunbasary Jan Noel Barro-nyň sözlerine salgylanyp habar berdi.
“IPhone 12”-den ýokary derejeli elektromagnit şöhlelenmesiniň bardygyny Fransiýanyň gözegçilik edarasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykaryldy.
ANFR barlaghana synaglarynyň netijesine görä, smartfonyň bir kilograma 5,74 watt, kanuny çäginiň bolsa 4 wattdygyny görkezdi. Barro meseläniň programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly çözülip bilinjekdigini belledi.
Fransiýanyň hökümeti programma üpjünçiligini döretmek we çykarmak üçin “Apple”-e takmynan iki hepde wagt berdi. Amerikan IT ägirdi bu programma üpjünçiligini wagtynda ýerine ýetirilmedik halatynda, “iPhone 12”-iň satylmagyna gadaganlyk girizilip, eýýäm satylan nusgalaryny yzyna alynmagy göz öňünde tutulyp bilner.