BIZNES

“Forbes” baýlaryň sanawy yglan edildi: Türkiýeden 4 adam sanawa girýär

“Forbes” žurnaly  2025-nji ýylyň iň baý adamlarynyň sanawyny çap etdi. Ilon Mask 415,6 milliard dollarlyk baýlygy bilen birinji orundaky ornuny saklap galyp, Türkiýeden Murat Ülker, Şaban Jemil Kazanjy, Ipek Kyraç we Erman Ilyjak sanawa girmegi başardy. Türk işewürleri baýlygyny artdyrmak bilen dünýä derejesindäki sanawda orun aldylar.

“Forbes” žurnalynyň beren maglumatyna görä, 1-nji sentýabr 2025 ýagdaýyna taýýarlanan dünýäniň iň baý milliarderleri sanawy, ABŞ biržalarynyň güýçli ösüşiniň umumy baýlygyň artmagyna möhüm täsir edendigini görkezýär. Bu ýylky sanawda Türkiýeden dört işewür hem baýlyklarynyň ep-esli ýokarlanmagy bilen girmegi başardy.

DÜNÝÄ SANAWY

Sanawdaky dünýäniň ilkinji 10 baý adamy we olaryň baýlyklary:

* Ilon Mask (Tesla, SpaceX, xAI, X): 415,6 mlrd.$
* Larri Ellison (Oracle): 270,9 mlrd. $
* Mark Zukerberg (Meta): 253 mlrd. $
* Jeff Bezos (Amazon): 240,9 mlrd. $
* Larry Page (Google): 178,3 mlrd. $
* Sergeý Brin (Google): 165,9 mlrd.$
* Bernard Arno (LVMH): 154,1 mlrd.$
* Stiw Ballmer (Microsoft): 151,3 mlrd.$
* Jensen Huang (Semiconductors): 150,4 mlrd.
* Warren Baffett (Berkshire Hathaway): 150,4 mlrd.$

TÜRKIÝEDEN DÖRT ADAM SANAWDA

Türkiýeden dört işewür dünýäniň milliarderler sanawyna girmegi başardy.

* Murat Ülker: 5,4 mlrd.$ baýlygy bilen 731-nji orunda.
* Şaban Jemil Kazanjy: 4,5 mlrd. $ baýlygy bilen 875-nji orunda.
* Ipek Kyraç: 3 mlrd.$ baýlygy bilen 1322-nji orunda.
* Erman Ilyjak: 2,9 mlrd. $ baýlygy bilen 1336-njy orunda.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler