Dünýäniň 200-den gowrak ýurdundan janköýerler “FIFA 2026” futbol boýunça taryhy we iň giň gerimli dünýä çempionatyna bilet aldylar. Biletleriň 2 milliony satyldy.
FIFA-nyň maglumatlaryna görä, deslapky satuw tapgyrynda iň köp bileti ýaryşy kabul ediji ýurtlaryň — ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň janköýerleri satyn aldylar. Olardan soň iň köp bilet alanlar Angliýanyň, Germaniýanyň, Braziliýanyň, Kolumbiýanyň, Ispaniýanyň, Argentinanyň we Fransiýanyň ýaşaýjylary boldular.
Biletleriň indiki satuw tapgyry 11-nji dekabrda bije çekmek dabarasyndan soň, FIFA-nyň resmi web sahypasynda başlar.
FIFA 2026 Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda geçiriler we taryhda ilkinji gezek 48 topary kabul eder (häzirlikçe 42 ýurduň gatnaşmagy kepillendirildi). Bu bolsa, ýaryşy dünýä futbolynyň taryhyndaky iň giň gerimli çärä öwürip, dünýäniň ähli künjeginden köp sanly toparlara we janköýerlere çempionata gatnaşmaga mümkinçilik berer.
