BIZNES

«Ferhar» hojalyk jemgyýeti banan şitillerini ýetişdirýär

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň «Ge­ňeş» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Fer­har» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tinda bananyň şitilini ýetişdirmek işleri dowam edýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Has takygy, hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasyndaky 0,5 gek­tarlyk ýe­r­de ba­na­nyň 800 şi­ti­li ýe­tiş­di­ril­di. Olar 1-2 aý­lyk bo­lan­dan, he­mi­şe­lik otur­jak ýer­le­ri­ne gö­çür­mä­ge ýa­ram­ly bol­ýar.

«Fer­har» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ýy­la­dyş­ha­na­sy 1 gek­tar meý­dan­da ýer­le­şip, on­da 2 müň düýp ba­nan ösüm­li­gi ide­dilýär. Bu ýer­de ba­na­nyň ýer­li şert­le­re uý­gun­la­şan «Grand Nain» gör­nü­şi ös­dü­ril­ýär.

Subt­ro­pik ösüm­li­giň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri onuň ýyl­bo­ýy ha­syl ber­ýän­li­gi­dir. Ge­çen ýyl gek­ta­ry­na 51 ton­na ba­nan al­nan bol­sa, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da bu gör­ke­zi­ji­ni 60 ton­na ýe­tir­mek, gel­jek­de ýy­la­dyş­ha­na­nyň meýda­ny­ny gi­ňelt­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Ön­dü­ri­len önüm, esa­san, we­la­ýa­tyň çä­gin­de ýer­le­nil­ýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy güýçlenýär

Ata Watan Eserleri