DÜNÝÄ

“Facebook” adyny “Meta” öwürýär

Dünýä belli jemgyýetçilik tory hasaplanýan “Facebook” kompaniýasy golaýda emele gelen näsazlyklar sebäpli köp sanly ýitgi çekdi. Bu ýitgiler hem maliýe hem-de abuna taýdan kompaniýa täsirini ýetirdi.

Şol wakalardan soňra kompaniýanyň adynyň üýtgedilmegi baradaky habarlar çykyp ugrady. Ozal hem kompaniýanyň adyny üýtgetýändiini habar berşimiz  ýaly, “Facebook” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg onuň adyny “Meta” öwürjekdigini mälim etdi.

– Biz ony “Meta” diýip atlandyrarys – diýip, Sukerberg tanyşdyryşlyş dabarasynda belläp geçdi. Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdebayrjy orunlarda durýan işewür  Mebuisyň gök lentasyna meňzeş täze nyşanyny hem hödürledi.

Sukerberg ozal hem klassyky barlaglardan hoşal bolýandygyny belläp, “Meta” sözüniň grek dilinde “soňra” manysyny berýändigini, bu sözüň özi üçin hemişe täze bir zady gurmagyň mümkindigini alamatlandyrýandygyny aýtdy.

Sukerberg, “Facebook” -yň ýakyn 10 ýylda ösdürjek wirtual älem metawarasyny hem hödürledi. Geçirilen maslahatda wideo ýazgysy çap edilen Sukerberg “metawar” barada beýanat berdi.

Wirtual aragatnaşygyň indiki tapgyry hökmünde wirtual äleme yşarat eden Mark Sukerberg: “Tehnologiýanyň bu ösüşini biri-birimiz bilen aragatnaşygymyz has tebigy görýäris. Facebook taryhynda internetde tekst ýazdyk, soň kamera telefonlary geldi. Internet has görnükli we ykjam boldy. Baglanyşyk has baý wideolara öwrüldi.” -diýdi.

Milliarder rebrendingden soňra kompaniýanyň adynyň üýtgändigine garamazdan, kompaniýanyň hyzmatlarynyň adynyň üýtgemejekdigini belledi. “Messenger”, “WhatsApp” hem-de “Instagram” ýaly dünýä belli jemgyýetçilik torlarynyň ady öňküliginde galar.

 

29-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türk hünärmeni: türkmen tebigy gazy global energetika deňagramlylygyna täsirini ýetirýär

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekiliniň Aşgabada sapary

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder