Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi eýranly raýatlaryň watanyna dolanmagyna beren kömegi we ynsanperwer goldawy üçin Türkmenistana resmi taýdan minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy özüniň resmi Telegram kanalynda habar berdi.
Onuň bellemegine görä, daşary ýurtdaky köp sanly eýranlynyň öz ýurduna dolanmakda kynçylyk çeken döwründe, Türkmenistan beýleki birnäçe döwletler — Owganystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe, Saud Arabystany we Pakistan işjeň ýardam berdi.
Mundan başga-da, ministr derman serişdelerini we azyk önümlerini öz içine alýan ynsanperwer kömeginiň guralmagyna hyzmatdaş ýurtlaryň goşan goşandyny belläp geçdi. “Men kömek etmek islän islendik ýurdy hoşallyk bilen garşy alandygymyzy nygtasym gelýär. Bu bize şol kömek örän zerur bolandygy üçin däl-de, eýsem bütin dünýä eýran halky bilen raýdaşlygy görkezmek üçin edildi” diýip, Arakçi belledi.
Mundan ozal, 23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Eýran tarapy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
