DÜNÝÄ

Eýran Türkmenistandan 30 milliard kubmetr tebigy gaz almagy meýilleşdirýär

Ilçiniň bellemegine görä, Eýran Yslam Respublikasy golaýda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenstandan ýylda 30 milliard kubmetr tebigy gaz satyn almagy göz öňünde tutýar, ol hem ýurduň Golestan we Demirgazyk horasan welaýatlarynyň gaz zerurlyklaryny üpjün eder.

Munuň üçin K,rpeje-Gurtguýy ugry boýunça täze gaz geçirijisi we gaz gysyjy beketler gurlar. Onuň geçirijilik kuwwatynyň 30 miliard kubmetr deň bolmagyna garaşylýar. Turba geçirijisiniň uzynlygy bolsa, 125 kilometre deň bolup, 3 sany gaz gysyjy desga gurlar.

Şol gaz geçiriji boýunça Eýrana türkmen gazy  Çaloýuk gaz ölçeýji bekedinden iberiler.

Bu görnüşde türkmen gazy Türkmenistanyň gündogar ýataklaryndan gelip gowşar. Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi bilen tebigy gaz K,rpeje-Gurtguýy gaz geçirijisi berler, şol ýerdenem Eýrana iberiler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri