BIZNES

Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar

Eýran goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we sebitara demir ýol ulgamyny ösdürmek maksady bilen üç sany täze demir ýol ugry açmaga taýýarlanýar. Bu barada Eýran Demir Ýollary Milli Kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory hem-de Ýol-ulag we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Jebbar Aly Zakeri habar berdi.

“Mehr News” agentliginiň maglumatyna görä, täze demir ýol ugurlary Eýrany Türkiýe, Owganystan we Türkmenistana birikdirer. Zakeriniň bellemegine görä, Tährandan Ankara çenli göni ýolagçy otlusy häzirki wagtda hereket edýän Tähran – Wan ugrunyň dowamydyr. Häzirki wagtda eýranly we türkiýeli wekiliýetler bilet bahalary we beýleki maliýe meseleleri boýunça maslahatlaşýarlar. Täze ugur boýunça hereketiň iki aýyň dowamynda başlamagy garaşylýar.

Ýene bir ugur Eýranyň Tähran we Maşat şäherlerini Owganystanyň Hyrat şäheri bilen baglanyşdyrar. Zakeriniň sözlerine görä, ýolagçy resminamalary bilen baglanyşykly meseleler çözülenden soň, bu ugur boýunça işler başlar. Ilkinji tapgyrda ýol Hyradyň golaýyndaky Rozanak şäherçesine çenli dowam eder, soňra bolsa eýranly potratçylaryň gurýan 70 kilometrlik bölegi tamamlanandan soň, Hyrat şäherine çenli uzaldylar.

Mundan başga-da, RAJA edarasy Maşatdan Türkmenistandaky Mary şäherine ýolagçy otlusyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu ugur Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny güýçlendirer we doly güýjünde işe girenden soň, Özbegistan we Täjigistana hem elýeterliligi üpjün eder.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy