«Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjy bolan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan dolanyşyga girizildi. Bu bolsa sözüň doly manysynda Türkmenistanyň ykdysady berkararlygyny ykrar etdi.
Geçilen ýol ykdysady, maliýe we bank ulgamynda durmuşa geçirilen özgerişlere we öňegidişliklere baý boldy. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň bank ulgamynda üstünlikli amala aşyrylan özgertmäniň netijesinde milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Dolanyşyga nominallary 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat bolan banknotlar hem-de hümmeti 1, 2, 5, 10, 20 we 50 teňňä deň bolan şaýy pullar girizildi. Milli manadymyzyň gorag alamatlaryny kämilleşdirip, halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, 2012-nji ýylda nominallary 1, 5, 10 we 20 manat bolan hem-de 2014-nji ýylda nominallary 1, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlar dolanyşyga girizildi. Şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan nominallary 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlar hem dolanyşyga goýberildi. Banknotlarda dürli döwürlerde türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan beýik taryhy şahsyýetler, Türkmenistanyň döwlet tugrasy we kartasy, taryhy arhitektura ýadygärlikleri, şeýle hem paýtagtymyzyň nyşany hasaplanýan ajaýyp binalary şekillendirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga girizilen 2009, 2012, 2014 we 2017-nji ýyllaryň nusgalaryndaky ähli banknotlar Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilýär hem-de olar ýurduň çäginde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişli bolup durýar.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy