Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) geçiriljek PFL ýaryşynyň esasy tutluşyklary 22-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen 05:00-da) başlar.
Bu ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň muşdaklary üçin köp garaşylýan tutluşyk Döwletjan Ýagşymyradow bilen kamerunly Simon Biýongyň arasyndaky tutluşykdyr.
Ýarym agyr agramda (93 kg çenli) Ýagşymyradow bilen Biýongyň arasyndaky tutluşyk 05:30 töweregi başlamagyna garaşylýar. Türkmenistanda bu tutluşygy Älem TV-de elýeterli bolan Setanta Sports kanalynda ýaýlyma berler.
