DÜNÝÄ

Ermenistanyň Prezidenti wezipesini meýletin tabşyrdy

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan wezipesini meýletin tabşyrmak babatda karar kabul etdi. Bu barada Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça müdirligi habar berdi.

Eger Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan bir hepdäniň dowamynda wezipesini tabşyrmak baradaky arzasyny yzyna almadyk halatynda Milli geňeşiň ýolbaşçysy tarapyndan topar düzülip, wezipesini tabşyrmak baradaky ähtnama düzülip, şoňa gol çekilýär we şol ähtnamanyň çap edilen gününden Prezidentiň wezipesini tabşyrmak işi kabul edilýär.

2015-NJI ÝYLDAKY SALA-SALYŞLYK

2015-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Ermenistanda konstitusion sala-salyşlyk geçirilip, ýurduň döwlet dolandyryş ulgamy prezident respublikasyndan parlament dolandyryş ulgamyna geçdi.

Ýurduň Esasy Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalaryň esasynda Prezidentiň wezipeleri azaldyldy. Prezident parlament tarapyndan saýlanýar.

Prezidentiň wezipe möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çykaryldy. Bir dalaşgär bu wezipä bir gezek saýlanyp bilýär.

Eger Prezident wezipesini tabşyran halatynda Milli Geňeşiň Başlygy bu wezipäni ýerine ýetirer.

Armen Sarkisýan Ermenistan Respublikasynyň umumylykda 4-nji, parlament tarapyndan saýlanan ilkinji Prezidenti. Ol bu wezipäni 2018-nji ýyldan bäri alyp barýar.

ERMENISTANYŇ PREZIDENTLERI

Ermenistan Respublikasynyň birinji Prezidenti Lewon Ter-Petrosýan. Ol bu wezipäni 1991-1998-nji ýyllarda amala aşyrdy.

Ýurduň ikinji Prezidenti Robert Koçarýan. Ol bu wezipä 2 möhlete saýlanyp, 1998-2008-nji ýyllarda döwlet baştutany boldy.

Üçünji Prezidenti Serž Sargsýandyr. Ol hem 2 möhlete saýlanyp, 2008-2018-nji ýyllarda Prezident boldy.

PREZIDENTI SAÝLAMAGYŇ TERTIBI

Prezident wezipesini tabşyran halatynda 25 günden ir däl we 35 günden gijä galman Milli Geňeş nobatdan daşary saýlawlary geçirýär. Gün hasaby parlamentiň degişli beýannamany kabul eden gününden hasaplanyp başlanýar.
Prezident 40 ýaşynda bolmaly, soňky 6 ýylyň dowamynda ýurduň raýaty bolup, hemişe ýaşaýan, saýlaw hukugyna eýe we ermeni dilini bilýän bolmalydyr.
Deputatlaryň umumy sanynyň dörtden üçüniň sesini alan dalaşgär Prezidentlige saýlanýar.

Owganystanyň wekiliýeti Osloda gepleşikler geçirýär

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär