SPORT

Erling Holandyň “Barselona” transferi

Soňky ýyllaryň futbol dünýäsiniň ösüp gelýän ýaş futbolçysy norwegiýaly Erling Holandyň häzirki çykyş edýän Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyndan başga topara geçmegi barada gyzyklanmalar barha artýar.

Ýaş futbolçynyň menejeri Mino Raiola Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Erling Holandyň transfer edilmegi hem-de bu babatda olayrň öňe sürýän şertleri bilen baglanyşykly boldy.

Ispan metbugatynyň habaryna görä, Erling Holand üçin uly möçberde pul serişdesi talap edildi. Menejer Raiola Holandyň kakasy üçin 20 million, özi üçin 20 million ýewro talap etdi. Holandyň aýlygynyň takyk 30 million ýewro bolmagyny talap edip, umuman 150 million ýewro talaby “Barselona” toparynyň ýolbaşçylaryna ýetirildi.

Şeýle hem Raiolanyň ýene-de bir şerti ol hem Lionel Messiniň “Barselona” toparynda galmagy boldy. Messi bu topar da galyp-galmajakdygy möwsümiň ahyrynda belli bolar. Toparyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanan Huan Laporta Messiniň toparda galmagy üçin ähli tagallalalary etjekdigini mälim edipdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

 

Ýene-de okaň

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy

“Barselona” topary 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy