SPORT

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde sport muşdaklarynyň köpden bäri garaşan boks tutluşygy geçirildi. Onda dünýäniň absolýut çempionlygy ugrundaky tutluşykda ukrainaly Alkesandr Usik bilen britan Taýson Fýuri duşşuşdy.

Eminleriň çykaran netijesi bilen ukrain boksçy Aleksandr Usik bu tutluşykda ýeňiş gazanyp, boksa boýunça dünýäniň absolýut çempiony boldy.

Tutluşyk eminleriň çykaran 115-112, 113-114, 114-113 netijeleri bilen ukrain boksçynyň peýdasyna tamamlandy. Fýuri tutluşygyň 9-njy döwünde nokdaun hem alypdy.

Şeýlelikde, ukrain boksaçy 25 ýylda ilkinji gezek agyr agramda boks boýunça dünýäniň absolýut çempionlygyny gazandy.

WBA, IBF we WBO guşaklarynyň eýesi bolan Aleksandr Usik ozal 21 tutluşyk geçrip, ählisinde ýeňiş gazandy. Bu hem onuň 22-nji ýeňşi boldy. WBC kemeriniň eýesi Taýson Fýuri bolsa ozal 34 tutluşyk geçiripdi. Bo onuň 35-nji tutluşygy boldy we ol hem ilkinji gezek ýeňildi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady