BIZNES

«Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Kanun kabul ediler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn geçirilen deputatlar bilen duşuşykda deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenendigini belledi.

Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Dünýäniň energetika ulgamynda ýurdumyzyň tutýan ornuny berkitmek boýunça anyk çäreleri belledik diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şonuň bilen birlikde, Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şu maksat bilen, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr.

«Energiýany tygşytlamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi.

Bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Kanuny kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Poçta ulgamyndaky kanunçylyk kämilleşdiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy