SIZDEN GELENLER

Energetika pudagy – parahatçylykly ösüş ýolunda

Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan ösmegine esasy itergi berýän pudaklaryň biri hem elektrik energetikasy pudagy bolup durýar. Elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak we bu ugurda ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek maksady bilen, Ahal—Balkan we Balkan—Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly taslama aýdyň şaýatlyk edýär.

Ahal welaýatynyň çäginden Balkanabat şäherine çenli uzynlygy 450 kilometr, güýjenmesi 220 kW bolan iki zynjyrly howa elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň çäginden Balkan welaýatyna çenli uzynlygy 560 kilometr, güýjenmesi             500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgam hem halkymyzyň elektrik energiýasyny peýdalanmak babatda ileri tutulýan işleriň hatarynda görkezmek bolar. Taslama laýyklykda, bu howa elektrik geçirijiniň ugrunda güýjenmesi 500 kW barabar bolan iki sany we güýjenmesi 220 kW barabar bolan iki sany, jemi 4 sany elektrik bekedini gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir Ahal—Balkan we Balkan—Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasynyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy kemala geler. Energetika pudagynda özüniň möçberi boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy pudagy möhüm orun berilýär. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähli düzümleýin desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etjek täze energiýa köprüsiniň halkara ähmiýeti örän uludyr. Mundan başga-da, geljekki elektrik geçiriji elektrik energiýasyny Pakistana hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu energiýa geçirijiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, ilkinji nobatda, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan täze giň gerimli taslamanyň Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamynyň ýakynlaşmagy, türkmen energiýa geçirijilerini ibermegiň eksport ugurlarynyň geriminiň giňeldilmegi ugrunda ýene-de bir möhüm ädim bolar.

 

 

Azat Atamyradow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

                        maglumatlar we okatmak üçin tehniki serişdeler bölüminiň başlygy 

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

                                                        

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty