MEDENIÝET

Eneleriň 285-si «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy

Şu günler ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji aýynda giňden bellenilip geçilýän Halkara zenanlar gününiň baýramçylgynyň gerimi giňden tutulýar. Her ýyl bu şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar.

Şu ýyl köp çalagy eneleriň 285-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanyny gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.  Bu çäräni 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şol gün olaryň ählisi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek baýramçylyk konsertine geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu baradaky resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sekiz we şondna köp çagany dünýä inderen we terbiýeäp ýetişdiren enelere döwrebap öýleriň açarlaryny 7-nji martda Aşgabat şäherinde, 8-nji martda welaýatlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy