SIZDEN GELENLER

Ene mukaddesligi

Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny uludyr. Türkmen ojagynyň ýylysy, mähri, türkmen öýüniň eýesi hasaplanýan enäniň asylly häsiýetleri bilen bir hatarda, işeňňirligi barada gürrüň etmek hem parzdyr. Öý-hojalyk işleri bilen bir hatarda, mähriban enelerimiz nepisligi, owadanlygy bilen dünýä ýüzüne tanalan ajaýyp türkmen halylaryny hem dokaýarlar. Olar gyzlaryna haly dokamagy öwredip, çeper el hünärini nesilden-nesle geçiripdirler. Bu gün biz milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanýan halyny, müňlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, iň kämil sungat hem-de hiç haçan gaýtalanmajak ruhy gymmatlyklarymyz diýip hasaplaýarys.

Zenana mahsus bolan ýokardaky häsiýetleriň aýratynlyklary bilen bir hatarda, olaryň maşgala ojagyna bolan yhlasy hem ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Men, köplenç, mährem käbämiň durmuş ýoly hakynda pikir edýärin. Käbämiň dürli döwürde düşen suratlaryny deňeşdirip görýärin. Olardaky tapawutlary ýyllar bilen däl-de, maşgala ojagyna siňdirilen yhlas bilen ölçemäge çalyşýaryn» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmeniň maşgala däplerini dikeltmeklige, ony nesillerden-nesillere geçirmeklige gönükdirilendir. Bu Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän her bir ýörelgesinde, başlangyçlarynda, tekliplerinde giňden beýan edilýär. Dogrudan-da, maşgalanyň berkligini isleýän adam, ilki onuň agzybirligini, asudalygyny goramak bilen, döwletli ojagyny, öý eýesini hormatlaýar.

Zenanlarymyza mahsus bolan nusgalyk häsiýetler türkmen maşgalasynyň esasyny düzýän ahlak gymmatlyklardyr. Ýyllaryň dowamynda kemala gelen bu gymmatlyklar bilen bir hatarda türkmeniň edim-gylymy, däp-dessury, ene topraga, türkmen diline, medeniýetine bolan uly söýgüsi, zähmetsöýerligi, ýagşylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däp-dessurlary asyrlar aşyp, şu günlerimize gelip ýetdi.

Sähragül Begliýewa, Gökdepe etrabynyň

3-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady