DÜNÝÄ

Emlägi 100 milliard dollardan geçdi

ABŞ-nyň “Facebook” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň baýlygy 100 milliard dollardan geçdi. Bu barada “Bloomberg” agentligi tarapyndan düzülen milliarderleriň reýtinginde bellenilip geçilýär.

Maglumatlara laýyklykda, Sukerberg emlägi 100 milliard dollardan geçen 3-nji işewür boldy. Sanawda birinji orny “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos (190 mlrd$) eýeleýär.  Ikinji orunda “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts (120 mlrd$) barýar.

“Bloomberg”-iň habar bermegine görä, Sukerberg 2020-nji ýylda 22 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

“Facebook” kompaniýasy 2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda Sukerberg we onuň 3 sany talyp dosty tarapyndan Garward uniwersitetinde okaýan döwründe esaslandyryldy. Kompaniýanyň hünärmenleriniň beýanatyna görä, dünýäde 2,7 milliarddan gowrak adam azyndan aýda bir gezek bu kompaniýanyň hyzmatyndan peýdalanýar. Bu kompaniýanyň düzüminde “Facebook” we “Instagram” jemgyýetçilik torlary, “WhatsApp” we “Messenger” ýaly goşundylar bar.  “Facebook” dünýäniň iň uly jemgyýetçilik torudyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi