DÜNÝÄ

Emlägi 100 milliard dollardan geçdi

ABŞ-nyň “Facebook” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň baýlygy 100 milliard dollardan geçdi. Bu barada “Bloomberg” agentligi tarapyndan düzülen milliarderleriň reýtinginde bellenilip geçilýär.

Maglumatlara laýyklykda, Sukerberg emlägi 100 milliard dollardan geçen 3-nji işewür boldy. Sanawda birinji orny “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos (190 mlrd$) eýeleýär.  Ikinji orunda “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts (120 mlrd$) barýar.

“Bloomberg”-iň habar bermegine görä, Sukerberg 2020-nji ýylda 22 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

“Facebook” kompaniýasy 2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda Sukerberg we onuň 3 sany talyp dosty tarapyndan Garward uniwersitetinde okaýan döwründe esaslandyryldy. Kompaniýanyň hünärmenleriniň beýanatyna görä, dünýäde 2,7 milliarddan gowrak adam azyndan aýda bir gezek bu kompaniýanyň hyzmatyndan peýdalanýar. Bu kompaniýanyň düzüminde “Facebook” we “Instagram” jemgyýetçilik torlary, “WhatsApp” we “Messenger” ýaly goşundylar bar.  “Facebook” dünýäniň iň uly jemgyýetçilik torudyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Tramp Infantinony BMG-niň Baş sekretary wezipesinde görmek isleýär