Emeli intellekt (EI), adamlaryň ýa-da haýwanlaryň tebigy intellektinden tapawutlylykda, maşynlar ýa-da beýleki enjamlar tarapyndan sanly görnüşde görkezilen akyl. Öňdebaryjy EI okuw kitaplary bu ugry “akylly agentleri” öwrenmek, ýagny daşky gurşawy duýýan we maksatlaryna ýetmek mümkinçiligini artdyrýan hereketleri edýän ulgam hökmünde kesgitleýär. Käbir meşhur hünärmenler bu adalgany “öwrenmek” we “meseläni çözmek” ýaly adam aňy bilen baglanyşdyrýan “akyl” funksiýalaryna meňzeýän enjamlary, programmalary suratlandyrmak üçin ulanýar.
EI programmalaryna ösen web gözleg motorlary, maslahat beriş ulgamlary (YouTube, Amazon we Netflix ýaly), adamyň gürleýşine düşünýän (Siri ýa-da Alexa ýaly), öz-özi sürýän awtoulaglar (mysal üçin Tesla) we strategiki oýun ulgamlarynda iň ýokary derejede bäsleşýän (Chess and Go) ýaly programmalary mysal getirsek bolar.
Emeli intellekt 1956-njy ýylda akademiki ders hökmünde döredildi. EI açyşlary dürli ugurlary belli bir maksatlara we aýratyn gurallary ulanmaga gönükdirilendir. EI gözleginiň adaty maksatlary pikirlenmek , bilimleri görkezmek , meýilleşdirmek , öwrenmek , tebigy dili gaýtadan işlemek , duýmak we obýektleri herekete getirmek we dolandyrmak ukybyny öz içine alýar.
Bu emeli intellektiň esasy maksady adam ýaly akyl-paýhasa eýe bolan emeli jandarlary, gurallary döretmek bolup durýar. Bu gadymy döwürlerden bäri mif , fantastika we pelsepe bilen öwrenilipdir. Häzirki döwürde ol fantastiki pikirleriň hakykata öwrülmegine biraz wagt galdy. Alymlaryň aýtmagyna görä, ägirt uly potensial güýji bilen EI-iň geljekde adamzat üçin howp bolup biljekdigini öňe sürdi.
Emeli intellektiň dürli ýerlerde ulanylýan birnäçe görnüşlerine durup geçeliň:
ROBOTLAR
Robot, çylşyrymly hereketleri awtomatiki ýerine ýetirip bilýän maşyn, esasan hem kompýuter tarapyndan programmirläp bolýan enjamdyr. Robot daşarky dolandyryş enjamy bilen dolandyrylyp bilner ýa-da dolandyryş içerde ýerleşdirilip bilner. Robotlar adam görnüşini döretmek üçin gurlup bilner.
Halkara robot federasiýasynyň (IFR) hasabatyna görä, 2020-nji ýylda dünýäde 1,64 million robot işleýär .
HANSON ROBOTIcs: YNSAN ROBOTLARY GURMAK
Hanson tarapyndan döredilen Sofiýa ajaýyp ösen sosial öwreniş roboty. EI arkaly Sofiýa tebigy dil bilen netijeli aragatnaşyk gurup we adam ýaly duýgularyny görkezmek üçin ýüz keşplerini ulanyp bilýär.
Sofiýa soňky birnäçe ýylyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň meşhurlaryna öwrüldi, dürli gepleşiklerde görkezildi. Şol sanda bu robot “Tonight Show” gepleşikde Jimmi Fallon bilen söhbetdeşlik guramagy hem ýatdan çykmajak ýagdaý boldy. Robot hatda Saud Arabystanyň raýatlygyny kabul etdi.
ÖZ-ÖZI SÜRÝÄN AWTOULAGLAR
Ilkibaşda öz-özi sürýän awtoulaglar fantastika görnüşde kabul edilen bolsa-da, tehnologiýanyň ösmegi bilen bu fantastika hakykata öwrülip barýar. Maglumatlara görä, 2040-njy ýyla çenli dünýäde 33 milliondan gowrak öz-özi sürýän awtoulaglaryň bolmagyna garaşylýar.
Bu awtoulaglar, onuň töwereginde bolup geçýän zatlara yzygiderli üns berýän we dogry düzedişler girizmek üçin EI ulanýan datçikler bilen doldurylýar. Bu datçikler her millisekuntda müňlerçe maglumat nokadyny (awtoulagyň tizligi, ýol şertleri, pyýadalaryň ýerleşýän ýeri, beýleki ulag we ş.m.) ele alýar we maglumatlary düşündirmek we şoňa görä hereket etmek üçin EI-ni ulanýar. Entäk bu awtoulaglaryň özüni özbaşdak dolandyrmaga doly ukyply bolýança ýol uzak, emma aşakdaky käbir kompaniýalar olaryň geljegine ýol açýar.
WAYMO: AWTOULAG SERIŞDELERINIŇ AWTONOM topary
Waymo Google-yň özi sürýän awtoulag taslamasy. Kompaniýa şahsyýetleriň, awtoulag sürüjileriniň we iri ýük awtoulag kompaniýalarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen kompaniýadyr. Her Waymo ulagy öňdebaryjy datçikler toplumyny ulanyp maglumatlary ýygnaýar we indi näme boljakdygyny kesgitlemek üçin emeli intellekt ulanýar. EI-iň kömegi bilen, “Waymo” ulaglary ýagdaýlary seljerip, indiki hereketler üçin howpsuz çaklamalary edip bilýär.
Mundan başga-da, Tesla, Uber ýaly iri awtoulag kompaniýalary hem öz-özi sürýän awtoulaglaryň birnäçe görnüşini çykaryp başladylar.
GOOGLE: SMART KARTALAR
Google Kartalar Google tarapyndan hödürlenýän web kartalaşdyryş platformasy we sarp ediji programmasy. Sputnik suratlaryny, howa arkaly surata düşürmegi, köçe kartalaryny, köçeleriň 360 ° interaktiw panoramik görnüşini (köçe görnüşi), hakyky ulag şertlerini we pyýada, awtoulagda, howada (beta görnüşinde) we jemgyýetçilik ulaglarynda syýahat meýilnamalaryny hödürleýär. 2020-nji ýyla çenli Google Kartalar dünýäde her aýda 1 milliarddan gowrak adam tarapyndan ulanylýar.
AMAZON elektron söwda
Amazon elektron söwda EI-iň şasy hasaplasa bolar. Haýsy önümleri satyn almak barada şahsyýetleriň teklipleri bolsun, önümleri ele alýan, sortlaýan we iberýän ammar robotlary ýa-da web sahypasynyň özüni güýçlendirýän web hyzmatlary bolsun, Amazon işiniň her ädiminde diýen ýaly emeli intellekt ulanýar.
2014-nji ýylda kompaniýa EI bilen işleýän ses kömekçisi “Alexa” -ny hödürledi. “ Star Trek”-däki kompýuterlerden ylham alan Alexa güýçli, söhbetdeşlige esaslanýan wirtual kömekçiler tolkunyny döretdi .
Umuman, emeli intellektiň birnäçe görnüşi adamzadyň durmuşyna doly ornaşdy, birnäçesi bolsa geljekde biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüler. EI-ň ösmegi sanly tehnologiýanyň ösüşiniň esasy bölegidir. Indi adamzat durmuşyny sanly tehnologiýasyz göz öňüne getirip bilenok. Biziň ýurdumyzda hem, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Olaryň mysalynda orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, edara, senagat kärhanalary häzirki zaman döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. 1-nji synpa okuwa barýan mekdep okuwçylaryna ýörite hormatly Prezidentimiz tarapyndan kompýuterler sowgat berilýär. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Begenç Aşyrow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
3-nji ýyl talyby