TEHNOLOGIÝA

Emeli aň hakda kelam agyz…

Tebigy aň adamlardyr haýwanlarda dogabitdi emele gelip, instinkt (öz-özünden) ýagdaýynda hereket edýän bolsa, emeli aň adamlar tarapyndan döredilip, tehnikada, ýagny kompýuterlerde, lukmançylykda ulanylýan enjamlarda, sürüjisiz awtoulaglarda we başga-da kir ýuwujy maşynlar, sowadyjylar ýaly awtomatlaşdyrylan islendik enjamlarda ornaşdyrylýan ulgamdyr. Şeýle-de ol alymlar tarapyndan gün-günden özgerdilip durulýar. Häzirki ulanýan kompýuterlerimizdäki «Windows», telefonlarymyzda «IOS», «Android» ulgamlary emeli aň üçin iň gowy mysal bolup biler.

Emeli aňyň (AI) taryhyna ser salanymyzda, onuň ilki-ilkiler diňe fantastiki eserlerde ulanylandygyny görmek bolýar. Meri Şelliniň «Frankenşteýn», Karel Çapekiň «Rossumyň hemmetaraplaýyn robotlary» atly eserlerindäki gahrymanlaryň ykballary häzirki döwürde üstünde işlenilýän emeli aň meseleleriň birnäçesini ýüze çykarypdy.

Mehaniki ylmyň başlangyçlary filosoflar hem-de matematikler tarapyndan antik döwürden bäri öwrenilip ýörlenem bolsa, matematiki logika ylmynyň gözbaşy gönüden-göni iňlis alymy Alan Turingiň «Hasaplamak» teoriýasyndan gaýdýar. Alan Turing baryp-ha, 1943-nji ýylda häzirki ulanýan kompýuterlerimiziň iň ilkinji nusgasyny işläp düzýär. Agramy 2 tonnadan gowrak bolan kompýuter diňe hasaplama degişli işleri ýerine ýetirýärdi we işi ýerine ýetirişi hem juda ýönekeýdi. Ýagny, kompýuter ähli işini «0» bilen «1» symbollary garyşdyrylyp düzülen kodlar arkaly ýerine ýetirýärdi.

Emma şondan bäri kompýuterleriň edýän işleri hernäçe çylşyrymlaşan hem bolsa, göwrümleri hernäçe kiçeldilenem bolsa, emeli aňyň asyl işleýiş usuly üýtgemedi. Olaryň kodlarynyň düzümi häzir hem «0» bilen «1» symbollary bolmagynda galýar.

Emma emeli aň şeýle bir kämilleşdirildi, adamyň tebigy aňy bilen bäsleşip biljek derejä ýetdi. Meselem, il içinde «Küşt oýnunda garşydaşyň kompýuter bolmasyn» diýen täze jümle döredi. Çünki kompýuteri küştde ýeňmek her bir öňýeten küştçä başardaýanok.

Mundan başga-da, öňler «Diýenimi edýär, diýdirmän etmeli» diýlip adamlara temmi berilýän bolsa, geljekde emeli aňyň ösmegi bilen şeýle temmini robotlaryň hem almagy mümkin. Çünki kämilden-kämil robotlary ýetişdirmek üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän alymlaryň sany barmak büküp sanardan kän.

Emeli aňyň ösüşi bilen bagly şeýleräk degişme bar: Obaň içi bilen eşekli barýan ýaşulynyň gapdalynda bir ulag saklanýar. Ýaşuly ulagyň içine seredip görse, sürüjiniň ýeri boş, sürüjiniň ýeriniň gapdalynda bolsa ogly otyr. Ýaşuly geň galyp: «Maşyny kim sürýär?» diýip, oglundan soraýar. Ogly ýylgyryp: «Kaka, bu «Google» şereketiniň täzelikde satuwa çykaran «Sürüjisiz hereket edýän awtoulagy». Gel seni öýe äkideýin» diýýär. Şonda eşek goja seredip, «Hojaýyn, ilki-hä bizden dyndylar, indem sizden dynjak bolýalar. Seresap bolaweriň!» diýýär. Bu şeýle göräýmäge degişme bolsa-da, daş-töweregimizde bolup geçýän häzirki özgerişlere ser salanymyzda, hakykatdygyna göz ýetirýärsiň.

Meşhur alym Tesleriň teoremasynda: «Heniz edilmedik her bir açyş emeli aňdyr» diýmegi, emeli aňyň geljeginiň has uludygyny görkezýär. Çünki emeli aň adamyň göz öňüne getirip bilýän her bir zadyna ýetmek üçin basgançak bolup hyzmat edýär.

Aşyr SAPAR.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri