BIZNES

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň federal maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar maliýe we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, özara maýa goýumlary höweslendirmäge we işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň durmuş-ykdysady ösüşe we Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar