TEHNOLOGIÝA

Hytaýda ilkinji Bütindünýä robotlar oýunlary tamamlandy

Pekinde geçirilen adam şekilli robotlaryň ýaryşyna ABŞ, Germaniýa we Braziliýa ýaly 16 döwletiň 280 topary gatnaşdy. Olar 26 kategoriýa boýunça bäsleşdiler. Munuň içine sport (ýeňil atletika, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, boks we ş.m.) hem-de önümçilik we gündelik durmuş wezipeleri girdi.

Robotlaryň Bütindünýä oýunlary Hytaý hökümeti tarapyndan işjeň goldanylýar. Häzirki wagtda ýurtda robot tehnikasyny ösdürmekde dünýäniň lideri hasaplanýar. Hususan-da, emeli intellekt we robototehnika boýunça başlangyç kärhanalary goldamak üçin takmynan 137 mlrd. dollarlyk gazna döredilmegi meýilleşdirilýär.

192 topar uniwersitetleri, 88 topar bolsa hususy kompaniýalary, meselem, Hytaýyň “Unitree” we “Fourier Intelligence” kompaniýalaryny wekilçilik etdi.

Robotlar ýeňil atletika, boks we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşdiler, şeýle hem birnäçe wezipeleri ýerine ýetirdiler: dermanlary we materiallary tertiplemekden başlap, arassalaýyş işlerine çenli.

Ýaryşyň biletleriniň bahasy 128 ýuandan 580 ýuana çenli (takmynan $17,83 — $80,77) aralygynda boldy. Guramacylaryň bellemegine görä, bu oýunlar önümçilikde ulanylýan robotlary işläp düzmek üçin zerur maglumatlary ýygnamakda gymmatly mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi