TEHNOLOGIÝA

Gana Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Tähran şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohammed Saýuti Ýahaýa Iddi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge niýetlerini we mundan hem beýläk bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmäge taýýardygyny bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ýola goýlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugry hem aýratyn bellenip geçildi. Bu babatda iki ýurduň BMG-nyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine hem seretdiler.

Soňra Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar oba-hojalygy, senagat, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige özara gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi