TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň “akylly” emeli intellekt modeli “Grok 3”

Dünýä belli işewür Ilon Maskyň emeli intellekt kompaniýasy “xAI” täze “Grok 3” emeli aň modelini tanyşdyrdy. Tehnologiýada täze döwri alamatlandyrýan bu model has ösen aýratynlyklary bilen ünsi özüne çekýär.

Öňki wersiýalaryna garanyňda has güýçli emeli intellekt infrastrukturasyna eýe bolan “Grok 3” ulgamy has akylly we has täsirli ulanyjy tejribesini hödürlemegi wada berýär.

Ilon Mask hem-de onuň “xAI” emeli aň kompaniýasynyň 3 sany inženeri bilelikde täze emeli intellekt ulgamyny tanyşdyrdy.

Emeli intellekt ugrundaky bäsdeşlik güýçlenýän döwürde hödürlenen “Grok 3” ulgamy sosial media programmasy “X”-da tölegli agzalygy bolan “Premium +” abonentlerine elýeterli boldy.

Maksyň “Grok 3” emli aň ulgamynyň, “OpenAI” kompaniýasynyň “GPT-4o”, “Alphabet” kompaniýasynyň “Google Gemini”, Hytaýyň “DeepSeek” kompaniýasynyň “V3” emeli aň ulgamlaryndan öňe saýlanmagyna garaşylýar.

Täze model matematika, ylym we kodlaşdyryş görkezijileri boýunça has köp tapawutlylyklara eýedir.

 

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar