BIZNES

Elektrik energetika ulgamynda goşmaça ylalaşyklar

“Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm desga—Kerki–Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy ulanylmaga tabşyryldy.

Şanly sene mynasybetli Energetika ministrligi boýunça ýene-de bir möhüm desgany-Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Mundan başga-da, elektrik energetika pudagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat hökmünde Ahal-Balkan hem-de Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda gurluşygy alnyp barylýan halkalaýyn elektrik ulgamynyň we podstansiýalar toplumynyň Ahal-Balkan aralygynyň birinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Bu ugurda goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistany 2020–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, serişdeleri we awtomobil tehnikalaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1619-njy Kararyna laýyklykda, «Ahal-Balkan» we «Balkan-Daşoguz» ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada baglaşan şertnamalaryna ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Balkan welaýatynda ýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

Masato Kanda: CAREC taslamalaryna 10 milliard dollar maýa gönükdiriler

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi