SPORT

“El-Klasikoda” ýene-de “Barselona” ýeňiş gazandy

Ispaniýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklaryň biri “El-Klasiko” oýny bilen tapawutlandy. “El-Klasiko” diýlende, janköýerler “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlarynyň arasyndaky duşuşyga garaşýarlar.

Şol duşuşyklaryň ýene-de biri geçirildi. Ol hem Ispaniýanyň kubogy ugurndaky ýaryşyň çäklerinde bolup geçdi. “Real Madrid” öz meýdançasynda “Barselona” bilen duşuşdy. Duşuşykda “Barselona” topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 5-nji aprelde geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy.

“Real Madrid” topary şu möwsümde ilkinji gezek öz meýdançasynda, ýagny “Santýago Bernabeu” stadionynda ýeňlişe sezewar boldy. Mundan ozal, “Real Madrid” şu möwsümde öz meýdançasynda oýnan duşuşyklaryň 11-isinde ýeňiş gazanyp, 3 duşuşykda hem deňme-deň oýnapdy.

“Barselona” toparynyň tälimçisi Hawi “Santýago Bernabeu” stadionynda 10-njy ýeňşini gazandy. Ol bu üstünliklerini hem tälimçi hem-de “Barselona” toparynyň futbolçysy hökmünde gazandy.

Hawi 1998-2015-nji ýyllarda “Barselona” toparynda futbol oýnady. 2021-nji ýyldan bäri bu topara tälim berýär. Hawi tälimçis hökmünde 2 duşuşykda, futbolçy hökmünde bolsa 8 duşuşykda ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler