Halkara Sergiler Býurosyna agza döwletleri 2030-njy ýyldaky “EKSPO” bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Saud Arabystanyny saýladylar. Bu barada Halkara Sergiler Býurosynyň metbugat gullugy habar berýär.
“EKSPO-2030″ bütindünýä sergisi 2030-njy ýylyň 1-nji oktýabry-2031-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda guralar. Bu halkara forum ” Özgerişleriň eýýamy: bilelikde ertirki güni göz öňüne getirýäris” şygary bilen geçiriler.

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisini guramak üçin 3 ýurt dalaşgärlik etdi. Saud Arabystany bilen bir hatarda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäheri hem-de Italiýanyň Rim şäheri halkara sergini guramak ugrunda bäsleşdi.
Halkara sergini gurnaýan döwleti saýlamak üçin gizlin “bir döwlet-bir ses” ýörelgesi esasynda elektron ses berişlik geçirildi. Saud Arabystany birini tapgyrda ses beren ýurtlaryň 119-synyň sesini alyp, halkara sergini gurnaýan ýurt hökmünde saýlandy.
Soňky gezek “EKSPO” bütindünýä sergisi 2020-nji ýylda Dubaýda geçirildi. Oňa 24 million syýahatçy gatnaşdy. 2025-nji ýylda “EKSPO” bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guralar.
