JEMGYÝET

«EKSPO-2025»: Türkmenistanyň pawilýony 1 millionjy myhmanyny kabul etdi

Osaka şäherinde dowam edýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýony 1 millionynjy myhmanyny kabul etdi. Bu barada serginiň guramaçylary habar berýär.

Bu täsir galdyryjy netije, dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen medeniýetine, däp-dessurlaryna we häzirki zaman üstünliklerine barha artýan ünsi görkezýär.

Sergi boýunça pawilýon myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy, ylym, tehnologiýa, ekologiýa, binagärlik we sungatdaky üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Bu ýere gelýänler türkmen halkynyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary bilen tanyşmak bilen, ýörite medeni we bilim maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly has köp maglumat almak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Guramaçylar, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň halkara medeni alyş-çalyşyň möhümdigini we dürli halklaryň özara düşünişmek islegini açyk görkezýändigini bellediler.

Türkmenistanyň bu halkara sergisindäki pawilýony üç gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen birinji gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy baýlyklary tanyşdyrylýar. Ikinji gatda Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşdirilendir.

Türkmenistanyň pawilýony 13-nji oktýabra çenli öz işini dowam etdirer we täze myhmanlary garşy almak bilen Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berer.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri