DÜNÝÄ

«EKSPO-2023 Doha» sergisi öz işine başlady

Şu gün Kataryň paýtagty Doha şäherinde  «EKSPO ─ 2023 Doha» halkara sergisi öz işine başlady. 2-nji oktýabrda badalga berlen  “Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat” şygary bilen geçiriljek “Ekspo – 2023 Doha” atly halkara sergisi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli dowam eder.

Bu iri halkara forumyň açylyş dabarasyna Kataryň Emiri şeýh Tamin bin Hamad Al Tani, BAE-niň Prezidenti şeýh Muhammad bin Zaid Al-Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Yragyň we Ýemeniň hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem köp sanly ýurtdan wekiliýet gatnaşdy.

«Expo-2023 Doha» Katarda, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ilkinji halkara bagbançylyk sergisi hökmünde taryha girer. Serginiň «Ýaşyl çöl, has gowy daşky gurşaw» mowzugy halkara jemgyýetçiligi çölleşmegi azaltmak üçin innowasion çözgütleri öwrenmäge we kabul etmäge ruhlandyrmagy maksat edinýär.

Habar berlişi ýaly, sergi meýdançasy Pars aýlagynyň suwlaryna haýran galdyryjy görnüşleri açýan ajaýyp Al-Bidda seýilgähinde, 1,7 million inedördül metr giňişlikde ýerleşer. 57 ýurt bu sergä gatnaşýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri