JEMGYÝET

“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba alyp, Türkmenistan “EKSPO-2020”-ni indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň öňe süren başlangyjyny goldady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de netijeli pikir alyşmalary dowam etmek baradaky garaýyşlary beýan etdiler, şunda häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ýurdumyzyň Dubaýda geçiriljek “EKSPO” gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara işjeň çykarylmagyna, şeýle hem dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

BAE-niň wekilleri hormatly Prezidentimize däp bolan ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklarynyň hem-de tutuşlygyna umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri