Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen tebigatyny, onuň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak, geljekki nesillere miras goýmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, raýatlarymyz üçin amatly howa gurşawyny döretmäge gönükdirilen wezipeler üstünlikli çözülýär.
Ozaly bilen, ol ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir. Ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar bu günki gün has-da kämilleşdirilýär, her ýylda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli alnyp barylýar. Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1,5 million düýp nahaly, welaýatlarymyzda 1,5 million düýp nahaly oturdylar.
Ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary tokaý zolaklaryna öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli işler munuň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralaryna halkymyz her ýyl agzybirlik bilen gatnaşýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra ilkinji gatnaşan çäresi hem ählihalk bag ekmek dabarasy boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz bu möhüm çäräniň ýazky möwsümine badalga beripdi. Milli Liderimiziň sogaply işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigi hemmämizi buýsandyrýar.
Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilýän millionlarça düýp agaç nahallary, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik çaýýar. Tebigat bilen ene topragyň syrly dünýäsinden, halkyň asylly zähmetinden döreýän bu ajaýyplyk güýjüňe güýç goşup, ruhubelentlik eçilýär. Gök zolaklar diňe bir gözellik bolman, biziň tämiz howamyzdyr. Saglygymyz hem sagdynlygymyzdyr.
Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy elmydama üns merkezinde saklan atababalarymyz baglaryň tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdirler. Bu ugurda birnäçe nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr. Ajaýyp zamanada pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin netijeli binýada öwrülýär. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ekologiýa babatda ruhy-ahlak terbiýäni hem-de ýokary medeniýeti, tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagy hem öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan nusgalyk işlerinde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.