Garaşsyz Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramak babatda möhüm çäreleri durmuşa geçirýär.
Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanma artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejelerdäki taslamalar uly goldaw tapýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, adamyň saglygyna peýdalylygy, düýbünden howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsirleriň pes derejede bolmagy, hatda bolmazlygy bilen bir hatarda geljek nesilleriň gyzyklanmalary, başga-da birnäçe taslamalar bilen utgaşyklylygy göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek hem-de bu ugurda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmeginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda açyk asmanyň astynda «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirilmeginiň hem ähmiýeti uludyr. Okuw sapagyna ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan 500 sany hünärmen gatnaşdy. Bu ýerde alnyp barlan okuw sapagynda oba hojalyk işleri, bagçylyk, miweli baglardan üzümiň ýetişdirilişi, onuň dürli sortlary, üzümiň peýdasy, baglara ideg etmek barada giňişleýin söhbet edildi.
Sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Okuw sapagyndan soňra oňa gatnaşan hünärmenler tarapyndan bu ýerde 500 sany üzüm nahaly ekildi. Ekilen bu üzüm nahallary ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Ahal welaýatynyň täze merkeziniň daş-töwereginde şeýle-de bagçylyk işleriniň ýokary depginlerde alnyp barylmagy bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramaga, tebigata aýawly çemeleşmegiň wezipelerini öz wagtynda, bilelikde çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulmagy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň umumy ykrar edilen kadalaryny durmuşa ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygynyň esasy binýady Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2014-nji ýylda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. Onda Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygynyň kämilleşdirilmeginde uly ähmiýeti bolan ýörelgeler anyk kesgitlenilýär. Onuň bilen baglanyşyklylykda taýýarlanylan we kabul edilen «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» we beýleki Kanunlar bu babatda uly ähmiýete eýedir. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň BMG-niň Ösüş gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa meselelerinde möhüm goldawy üpjün edýär.
Gülşat Aýhanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
