SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygy – döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, onuň tebigatynyň biologik köpdürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. Tebigaty goramak bilen baglanyşykly işlere halkymyzyň giňden çekilmegi bu syýasatyň wajyp ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary ilerletmäge hem-de jemgyýetimizde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda ata Watanymyzda arassa ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Ýurdumyzda ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, tokaý zolaklarynyň eýeleýän meýdanlaryny yzygiderli giňeltmek üçin uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählumumy derejede howanyň üýtgeýän şertlerinde bu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy durnukly ösüşi üpjün etmekde, daşky gurşawy goramakda möhüm ädimdir. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň tokaýlaryny ylmy taýdan öwrenmek we ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, ýerli tebigy mirasy gorap saklamagyň netijeli guraly bolup durýar.

Şäherlerde we obalarda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşamak üçin amatly ekologik gurşawy döredýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň meýdanlarynyň çäkleriniň barha giňeldilmegi bu asylly işe möhüm ähmiýet berilýändiginiň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak ugrunda innowasion çemeleşmeleriň aýdyň mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäherini görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, 19-njy martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara ähmiýete eýe bolan bu çäre ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň esasy ähmiýeti iri maliýe düzümleriniň wekilleri bilen Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýum serişdelerini çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda täze teklipleri öwrenmek üçin hem netijeli meýdança bolup hyzmat edenliginde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiz forumdaky çykyşynda sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilende ekologik jähtden hem howpsuzlygy üpjün etmek babatda tagallalaryň edilmelidigini belläp geçmegi, ekologiýa syýastyna berilýän ähmiýetiň nyşanydyr.

Biz hem eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, baky berkarar döwletimiziň tebigatyny has-da gözelleşdirmekde we baýlaşdyrmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Ajaýyp bagy-bossanlygy, ýaşyl gurşawy döretmek bilen, biz özümiziň abadan durmuşymyzy, gözel ýaşaýşymyzy üpjün edýäris. Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň gatnaşmaklarynda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.

Jumamyrat Baltaýew, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Dil öwrenmek – asylly ýörelge

Ata Watan Eserleri

Bilim – kämillige badalga

Ata Watan Eserleri

Zähmet – iň uly terbiýeçidir

Bitaraplyk — parahatçylyk binýady

Dil hakynda nakyllar

Ata Watan Eserleri