SIZDEN GELENLER

Ejizlikmi ýa-da güýç

Käwagtlar seniň iň ejiz tarapyň iň uly güýjüň bolmagyda mümkin, emma onuň üçin garaýyşyny üýtgedip waka başgarak tarapdan seretmeli. 10 ýaşly oglanjyk kiçilikden Dzýudo sungatyna höweslidi, emma oglan maşyn heläkçiligi sebäpli bir goluny ýitirýär. Muňa garamazdan oglan ussat halypalaryň birine, Dzýudo sapaklaryna gatnap başlaýar. Oglan höwesjeň, maksada okgunlydy, emma ussat 3 aýyň dowamynda diňe bir emeli türgenleşdiripdir. Oglan ol emeli örän ýokary derejede ýerine ýetirmegine garamazdan ýene-de dowam edipdir. Oglanyň sabry çatman sorapdyr: “Halypa, indi beýleki emelleride özleşdirserm, öwrensem bolmazmy?” Ussat: “Bu belki ýekeje emeldir, emma sen üçin in gerekli emeldir.” Oglan kän bir düşünmesede halypasyna bolan ynamy üçin türgenleşigine dowam edipdir. Birnäçe aý soňra halypasy ony ýaryşa gatnaşdyrýar. Haýran galdyryjy, ýekeje emel bilmesine garamazdan, ilkinji iki garşydaşyndan ýüzügra üstün çykýar. Üçünji duşuşyk biraz kyn geçmesine garamazdan, şol ýekeje emel bilen ondan hem üstün çykýar. Öz üstünligine oglanyň özi haýran galýar. Oglan indi final tapgyryna gelýär. Garşydaş diýseň güýçlüdi we tejribelidi. Oglan çekinýär, belki bir ýerini agyrdar gorkusy bilen halypa garaýar. Halypa bolsa dowam etmegi babatynda görkezme berýär. Netijede final duşuşyk örän çekeleşikli dowam edýär. Garşydaş duýdansyz uly ýalnyşlyk goýberýär. Bu ýalnyşlygy peýdalanan oglanjyk netijede çempion bolýar. Öz üstünligiňe ýekeje emel bilmesine garamazdan çempion bolanyna ynanyp bilmeýär. Soňra öýüne gelýän mahaly halypasyndan soraýar: “Halypa men ýekeje emel bilmegime garamazdan nädip çempion boldum?” Halypa: “Sen iki sebäpden çempion boldyň. Birinjiden, sen Dzýudonyň taryhynda bar bolan iň kyn emeli öwrendiň we ol hereketden “ussat” derejä ýetdiň. Ikinjiden, ol emeliň ýekeje goranyş ýoly bar, ol bolsa garşydaşyň çep elini ulanmak.” diýip jogap berýär. Belkide ol oglanyň daşyndan gördümde çep eliniň bolmazlygy iň uly kemçiligidi. Emma “Her işde bir haýyr bardyr” diýlişi ýaly, oglan kemçilige başga tarapdan seretdi we netijede çempion boldy. Siziň hem durmuşyňyzda birnäçe kynçylyklar ýüze çykyp biler. Emma ol kynçylyk belki seniň üçin uly güýç bolmagy mümkin. Kynçylyga başga tarapdan seredip gör! Belki ol seniň geljegiňi kesgitläp biler!

 

Mergenow KAKAMYRAT

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy