SIZDEN GELENLER

Durmuş sapaklary

Ýylgyryş- göwünleriň baky melhemi.

                       ***

Tämiz howa, Gün nury- sagdyn daşky gurşawa jan berýän güýçdir.

                        ***

Ynam adamyň güýjüni çäksiz belentlige çykarýar.

                         ***

Özüň ugruňa ýykylmasaň, ynamdan haýyr tapmarsyň.

                        ***

Söýülmek üçin söýmeli.

                       ***

Ýylgyryş örän güýçli täsir edýän melhemdir.

                      ***

Ynam gorka, birahatlyga we mümkürlige gaýtawul berip bilýär.

                       ***

Ynam    mümkin   däl   mümkin edip bilýän güýçdür.

                            ***

Bir  pursatda meşgur bolup bolýar,

Bir pursatda masgara-da bolup bolýar.

                           ***

Peýdaly   adamdygyňy   duýmak    gowy.   Maşgalaňa,  dost-ýaryňa,  ýakynyňa   peýdalydygyňy    duýmak has   ýakymly   duýgy.

                ***

Adam  adama mätäç  bir-ä  dokçulykda,  birem ýokçylykda.

               ***

Bir adam  ýap gazar,   müň adam suw   içer.

                   ***

Bilmeseň, bir aýyp, bilip amal  etmeseň,  iki  aýyp.

                           ***

Bir   ata   on   ogly   saklar,   on  ogul  bir  atany  saklap  bilmez.

                               ***

Bidöwlete   bir  gün sähet ,   iş   etjege   her gün sähet.

                                 ***

 Akmagy   dana  edip görkezip bilýän pul.

                      ***

Puluň  bitirmedigini   diňe  akyl  bitirer.

                          ***

Hakykaty  düşüner   ýaly  edip  aýdyp  bolmaýar,  ony  ynanar  ýaly  edip  aýtmaly.

                          ***

Ahlak-  hakykatyň  gül  açmasydyr.

                  ***

Ynsana nähili  hem  bolsa  bir  oňat  zady  öwrenmeýän  ýekeje-de  kitap  bolup bilmez.

              ***

Esasy  zat  okamaga  mejbur   etmekden  däl-de, pikirlenmäge  mejbur edýän  şerti  döretmekden ybaratdyr.

                      ***

Jahanda  kitap dek mährem dost bolmaz…

               ***

Bilimi  tapsaň  yhlas,  zähmetden,

Onsoň ýoluň açyk,  şony pähim et  sen.

                       ***

Kitap,   geçen asyrlaryň ýazyjylary   bilen   söhbetdeş  bolmak  edil  syýahat  eden  ýalydyr.

                  ***

Ýeke  gezek  ýalan  sözlän  adam  ömür boýy  kezzaplygy  kesp  ediner,  ony  özüne  ýaran  tutunar.

                            ***

Üstünlik  gazanmak  üçin  diňe güýç-kuwwat  ýeterlik  däldir. Güýç-kuwwatyň  üstüne  akyl-paýhas-da goşulaýsa,  onda üstünligi  gysga  wagtyň  içinde  gazanyp  boljakdygyna  hiç  şübhe bolup  bilmez.

                              ***

Hiç   bir  zat  bölekleýin  subut  edilýän däldir,  çünki  owunjak  bölejikler  hem  bitewülige edilýändir.

                       ***

Gowy gylykly,  imanly,  ahlakly  adam  hiç  wagt  utanja  galmaz.  Şu   üç  närsäni  ele  alan  ynsanyň  öz-özüne   erki    ýetýändir.

                   ***

Ýagşy  bilen   ýamanyň  parhyny  bilmedik,  öwgi  bilen  sögünjiň  parhyny-da  bilmez.

                   ***

Nadanlygyň   nämedigine  göz  ýetiren  adama  alym  diýip  bolar.

                ***

Birine  baha  bermekçi  bolsaň,   onuň  gepine-gürrüňine görä  däl-de,  edýän  işine  görä  baha  ber.

               ***

Özüňe  buýsanmazlyk- iň  uly  buýsançdyr.

                   ***

Lybas   ynsanyň  uýat  ýerlerini   ýapýar,  utanç-haýa  ony  ähli  masgaraçylyklardan gorap  saklaýar.

                                                                                                                                             

Toplan: Muhanowa Ogulnur,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Russiýada “Sputnik Laýt” sanjymy bellige alyndy

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika