SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň meşhur meýdançalary

Söýgüli okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty bu gezek size şäherleriň ýüregi hasaplanylýan ýerler bilen tanyşdyrmagy makul bildi. Ýer şarynyň togalagynyň iň meşhur we iň möhüm meýdançalary barada gysgaça maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

“Trafalgar meýdançasy” – London / Beýik Britaniýa

Trafalgar adyny Beýik Britaniýanyň Korollyk deňiz flotunyň, fransuz we ispan flotlaryna garşy gazanan ýeňşinden alýar. Meýdanyň ortaarasynda beýikligi 46 metre barabar bolan sütüniň üstündäki heýkel çaknyşykda aradan çykan admiral Lord Nelsona degişlidir. Uly arslan heýkelleri we howuzlary daş-töweregi bezeýär.

“Keramatly Piter meýdançasy” – Rim / Watikan

Watikandaky Keramatly Piter meýdançasy keramatly Piter bazilikasynyň garşysynda. Meýdanyň ortaarasynda hatar-hatar sütünler bilen gurşalan ullakan ellips, imperator Awgustyň döwründe Müsürden getirilen obelisk ýerleşýär. 1667-nji ýylda gurlan bu meýdança katolikleriň ybadat mekany hsaplanylýar.

“Gyzyl meýdançasy” – Moskwa / Russiýa

Russiýanyň taryhynda köp wakalara şaýat bolan bu Gyzyl meýdançada golaýynda Döwlet taryhy muzeýi, Leniniň mawzoleýi we Kreml köşgi ýerleşýär. Ol adyny daş-töweregindäki gurulan gyzyl kerpiçlerden aldy. Konsertleri we festiwallary hem geçirýän meýdança gyşda şäher ilatynyň güýmenip we dynç alyp bilýän meşhur buz meýdançasyna öwrülýär.

“Taýms meýdançasy” – Nýu-Ýorkk / ABŞ

Nýu-Ýork şäheri diýlende kinolarda syn edişimiz ýaly, bir köçäniň ugrunda uly ekranlar, dürli-dürli yşyklar, beýik jaýlaryň diwarlarynda mahabatlar, awtoulaglaryň gykylygy we bir ýere barmaga synanyşýan adamlar göz öňümize gelýär. Has ünsüňi çekýän ýeri hem 31-nji dekabrda her ýyl müňlerçe adam Täze ýyl baýramyny bellemek üçin Taýms meýdanyna gelýär.

“Grand Place” – Brýussel / Belgiýa

Brýusseliň iň meşhur syýahatçylyk ýerlerinden biri bolan “Grand Place” birnäçe gezek dünýäniň iň owadan meýdançasy diýlip saýlandy. Owadan we arhitekturasy boýunça üýtgeşik binalary bilen gurşalan meýdança 1998-nji ýyldan bäri ÝUNESKO guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Awgust aýynda her 2 ýylda bir gezek meýdança äpet, reňkli gül haly bilen örtülýär.

“Týananmen meýdançasy” – Pekin / Hytaý

Týananmen meýdany dünýädäki iň uly şäher meýdançasydyr. Dürli binalar we ýadygärlikler bilen gurşalan meýdançada her gün Gün doganda we Gün ýaşanda baýdak dabarasy geçirilýär. Syýahatçylar meýdandaky dört mermer ýolbars heýkelleriniň birinde ok yzlaryny, 1989-njy ýyldaky gyrgynçylygyň yzlaryny görüp bilerler. Bu meýdança ululygy we taryhy ähmiýeti bilen myhmanlary haýrana goýýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy