Dünýäniň köp ýurdunyň ertirliginde öz ornuny alýan peýniriň iň gowusyny saýlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bütindünýä peýnir baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Umuman, peýnir diýlende, ilki bilen adamlaryň aňynda peýda bolýan ýurt Nidelandlar bolsa gerek.
Ýöne 42 ýurtdan 4434 görnüşdäki peýniriň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde birinjiligi Şweýsariýa eýeledi.
Şweýsariýada öndürilen “Gruyère” peýniri bu önümiň hünärmenleri hasaplanýan bilermenlerden ybarat bolan emin agzalarynyň iň halaýan tagamyna öwrüldi. Şweýsariýaly peýnir öndürijileri “Vorderfultigen” we “Guormino” tarapyndan hödürlenen “Le Gruyère AOP surchoix” atly peýnir otlary we miweleri bilen birinji orny eýeledi.
“Gorgonzola Dolce DOP” atly peýnir ikinji ýeri eýeledi. Italiýada De’Magi maşgalasy tarapyndan öndürilen peýnir “gök ýagly peýnir” hökmünde häsiýetlendirilýär.
Uelsiň Newport şäherinde geçirilen bäsleşikde ähli peýnirlere baha berilýär. Peýnir öndürijiler, satyjylar we hünärmenler müňlerçe peýniri dadyp, iň gowusyny saýlamaga synanyşýarlar.
Soňra 38 ýurtdan 265 emin agzasy peýnirlere daşky görnüşine, ysyna we tagamyna görä baha berýär.
