TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň baý işewüri emeli aň boýunça täze kompaniýa döretdi

“Tesla” hem-de “Space X” ýaly kompaniýalaryň esaslandyryjysy hem-de “Twitter” jemgyýetçilik torunyň eýesi, dünýäniň iň baý işewüri Ilon Mask “xAI” ady bilen täze kompaniýa döretdi.

Täze esaslandyrylan kompaniýanyň maksadynyň “älemiň hakyky tebigatyna düşünmek” bolandygy bellendi. Kompaniýanyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin “X Corp.”, “Tesla” we beýleki korporasiýalar bilen hyzmatdaşlyk etjekdigi mälim edildi.

“xAI” atly kompaniýanyň düzümine emeli aň ulgamynda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 12 sany ozalky işgärleri goşuldy. Olar “DeepMind”, “OpenAI”, “Microsoft”, “Tesla” ýaly kompaniýalaryň we Toronto uniwersitetiniň işgärleridir.

Hususan-da, Toronto uniwersitetiniň dosenti Jimma Ba, Kristian Segedi köp ýyllaryň dowamynda “Google” kompaniýasynyň düzüminde emeli aň ulgamynda iş alyp barypdy.

Häzirki döwürde emeli aň ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Bu ugra tejribeli inženerler we alymlar çekilýär.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi