TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň ilkinji goşa ekranly telewizory

“Hisense” kompaniýasy 8K durulykly dünýädäki ilkinji goşa ekranly telewizoryny köpçülige hödürledi. Goşmaça displeý gönüden-göni esasy ekranyň aşagynda ýerleşýär. Bu ýerde habarnamalary we degişli maglumatlary görkezmäge hyzmat edýär.

Kompaniýa reňk görkezişiniň we suratyň hiliniň “iPhone 11” -den has ýokarydygyny, täzeleniş tizligi 120 Hz bolan 8K çözgüdi görmegi has amatlylaşdyrjakdygyny aýtdy. Bu telewizor bilen beýlekileriň arasyndaky esasy tapawut goşa ekrandan ybarat bolmagydyr.

Ekranyň esasy bölegi 85 dýuým diagonal bolup, şekilleri görkezmek üçin niýetlenendir, ikinji 28 dýuým displeý bolsa esasy ekranyň aşagynda amatly ýerde ýerleşýär. Sagat ýa-da habarnamalary goşmak bilen islendik goşmaça maglumatlary görkezýär. “Hisense”-iň täze telewizorynyň satuwynyň takyk senesi entek belli däl. Hytaýda şeýle enjamyň bahasy azyndan 80 müň ýuana deň bolar, diýip belleýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar