BIZNES

Dünýäniň baýlarynyň ýitgileri

Dünýäniň iň baý adamlarynyň şu ýylyň başyndan bäri çeken ýitgileri mälim edildi. “Bloomberg” reýting agentliginiň habaryna görä, “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask, “Amazon” kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezos hem-de “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts 2022-nji ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdi.

29-njy maýdaky maglumata görä, Maskyň baýlygy 224 milliard dollar, Bezosyňky 139 milliarda, Geýtsiňi bolsa 123 milliarda deň boldy. Milliarderler sanawda degişlilikde, birinji, ikinji we dördünji orunlary eýeledi. Üçünji orundaky “Louis Vuitton Moët Hennessy” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bertran Arnonyň emlägi 133 milliard dollara deňdir.

Soňky 5 aýyň dowamynda “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy 46,4 milliard, “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy 15,1 milliard, Bertran Arno bolsa 44,7 milliard dollar ýitirdi. Iň köp ýitgini 53,2 milliard dollar bilen Bezos çekdi.

Ýeke-täk öz baýlygyny artdyran “Berkshire Hathaway” kompaniýasynyň baş direktory Uorren Baffet bolup, ol 6,54 milliard dollar gazanyp, baýlygyny 115 milliard dollara ýetirdi.

 

 

Jemgyýetçilik ulaglarynda örtük düzgüni ýatyryldy

 

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri