BILIM

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri-2025: Türkmenistandan 13 habarçy agza

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri soňky ýyllarda halkara sanawlarda hem öz ornuny tapyp başlady. Her ýyl ýurdumyzdan şeýle sanawa girýän ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar.  Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny bellenilýän günlerinde ” The Times Higher Education World University Rankings 2025″ sanawy neşir edildi.

Bu sanawa dünýäniň 150 döwletinden 2000-den gowrak ýokary okuw mekdebi girdi. Şonda ýurdumyzdan 13 sany ýokary okuw mekdebi sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi.  Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara ýokary okuw mekdepleriniň sanawy düzülende “The Times Higher Education World University Rankings” maglumatnamasynyň esas alynýandygyny hasaba alyp, bu sanaw baradaky aýratyn habary saýtymyza ýerleşdireris.

Häzir bolsa, Size ýurdumyzyň halkara sanawa giren ýokary okuw mekdeplerini sanawyny ýetirýäris.

  1. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
  2. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
  3. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
  4. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
  5. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 
  6. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 
  7. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
  8. Türkmen oba hojalyk instituty
  9. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
  10. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
  11. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
  12. Türkmen döwlet maliýe instituty
  13. Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersiteti

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler