BIZNES

Dünýäde tebigy gazyň önümçiligi 2.8 göterim artar

2024-nji ýylda tutuş dünýäde tebigy gazyň önümçiligi 4.162 trillion kubmetre çenli ýokarlanar ýa-da 2023-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 2.8 göterim artar. Bu babatda önümçiligiň ösüş depgininiň uly bölegi GDA ýurtlarynyň paýyna düşer.

Tebigy gazy eksportirleýän ýurtlaryň forumy tarapyndan berlen maglumata görä, Demirgazyk Amerikada tebigy gaz önümçiligi 1.305 trillion kubmetre, Ýakyn Gündogarda 732 milliard kubmetre çenli artyp biler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) döwletlerinde 2024-nji ýylda ösüş depgini 4 göterime barabar bolar. Tebigy gazyň önümçiliginiň 817 milliard kubmetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu görkeziji 2023-nji we 2022-nji ýyllaryň görkezijisinden ýokarydyr.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde tebigy gazyň önümçiligi 2 göterim, Afrikada 4.8 göterim, Latyn Amerikasyndan 0.6 göterim öser. Ýewropada bolsa, ösüş 2.8 göterim bolup, 220 milliard kubmetre deň bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder