BIZNES

Dünýäde näçe milliarder bar?

Dogrudan hem dünýäde näçe milliarder barka? Bu sowalyň jogaby adamda özboluşly gyzyklanma oýarýar. Sowala olar barada ýygy-ýygydan ýazýan «Forbes» neşiri jogap berdi.

Has takygy, neşiriniň şu ýylyň 6-njy aprelindäki hasabatyna görä, dünýä boýunça jemi 2müň 755 sany milliarder bar eken. Häli-häzirem olaryň içinde iň baýy “Amazon” kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosdyr. Öňki hasabat bilen deňeşdirilende, milliarderleriň sany 493 adam artypdyr.

Ýene bir gyzykly maglumat: dünýädäki ähli milliarderleriň baýlygy bilelikde 13,1 trillion amerikan dollaryna ýetýär.

 

Türkiýä rus “Sputnik V” sanjymyna garaşýar

 

 

 

Related posts

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 41-si hususylaşdyrylar

YouTube – da goýlan ilkinji wideo 15 ýyl boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan halkara e-TIR ulgamyna goşular