BIZNES

Dünýäde milliarderleriň sany 7 göterim artdy

2022-2023-nji ýyllarda dünýäde milliarderleriň sany 7 göterim artyp, 2376-dan 2542-e ýetdi. Bu döwürde olaryň emlägi 9 göterim artyp, 11 trillion dollardan 12 trillion dollara çenli ýokarlandy. Bu barada Şweýsariýanyň “USB” bankynyň taýýarlan hasabatynda bellenilip geçilýär.

– Tutuş dünýäde 2022/2023-nji döwürde milliarderleriň emlägi belli bir derejede täze dikeldi we esasan hem sarp ediş we bölek satuw pudagynda işleýän kompaniýalaryň girdejileri ýokarlandy – diýlip bellenilýär.

Bankyň baha bermegine görä, saglygy goraýyş we tehnologiýa ulgamyndaky innowasiýaly kompaniýalaryň eýeleri bolan milliarderleriň soňky 10 ýyllykda girdejilerini has-da ýokarlandyran bolsa, senagat ugury kompaniýalaryň hem girdejisi 15 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder