SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde 8 milliard dozadan gowrak sanjym edildi

Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy edilen sanjym dozasynyň möçberi 8 milliarddan geçdi. Munuň ýarysyndan gowragy, has takygy 4,16 milliard dozasy 3 ýurduň – Hytaýyň (2,5 mlrd), Hindistanyň (1,2 mlrd) we ABŞ-nyň (0,46 mlrd) paýyna düşýär. Bu barada metbugat neşirleriniň ýaýradan statistiki maglumatlarynda bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda adamlara kowid ýokanjyna garşy 8.03 milliard doza sanjym edildi. Ýer ýüzünde näçe adamyň doly sanjym edilendigi barada maglumat berilmeýär. Köp sanly ýurtlar edilen sanjymlaryň möçberini ýaýradýarlar. Käbir ýurtlarda bolsa, rewaksiniýasy, ýagny 2 sanjymdan soňra 3-nji sanjymy etmek işine hem girişdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň  baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus sanjymlaryň 80 göterimden gowragynyň Uly 20-lik ýurtlarynyň paýyna düşýändigini belläp, köpräk Afrika yklymynda ýerleşýän pes girdejili döwletlerde bolsa sanjymyň doza paýynyň 06, göterime deňdigini mälim etdi.

Ýöne muňa garamazdan, tutuş dünýäde sanjym etmek işi täzeden çaltlandyryldy. Mundan ozalky 1 milliard doza 37 gün gerek bolan bolsa, soňky 1 milliard doza üçin bolsa 36 gün gerek bolar.

BAE hem-de Maldiwlerde sanjym edilmegi göz öňünde tutulan ýaşaýjylaryň hemmesi diýen ýaly waksina edildi. Singapur, Kamboja we Kuba ýaly döwletlerde bolsa ilatyň 90 göterimi diýen ýaly sanjymyň azyndan bir dozasyny aldy. Bruneý, Portugaliýa, Hytaý, Çili, Katar, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Argentina we Malta ýaly döwletlerde ilatyň 80 göterimi sanjym edildi. Russiýada doly sanjym alan ilatyň sany 60,8 milliona ýetdi. Ýurtda köpçülikleýin immunitet derejesi 51,8 göterime deň boldy.

Tutuş dünýäde raýat dolanyşygynda azyndan koronawirus ýokanjyna garşy 15 sanjym bar. Olaryň hatarynda “Pfizer/ BioNTech”, “Sputnik V”, “Sputnik Laýt”, “Epiwakkorona” , “Kowiwak”, “AstraZeneca”, “Sinovac”, “Sinopharm”, “Covaxin”, “Moderna” we “Johnson & Johnson” ýaly sanjymlar bar.

 

Ýurdumyzda Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy